Habarlaşmak
18.07.2025
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
18.07.2025
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň döwrebap meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine seretdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini nygtadylar.

Duşuşykda Özbegistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna (LLDC 3) gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem