Habarlaşmak
25.02.2025
Kuala-Lumpurda geçiriljek TEIF 2025 halklara forumynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar
25.02.2025
Kuala-Lumpurda geçiriljek TEIF 2025 halklara forumynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar

23-24-nji aprelde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýet pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek babatda has möhüm waka boljak TEIF 2025 halkara forumy geçiriler.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Türkmen Energiýa Forum» HJ-niň goldamagynda guralan bu forum Türkmenistanyň energetika pudagyna, gurluşyk, ulag we beýleki strategiki pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly meýdançadyr.

Forum ählumumy energetika geljegini we durnukly ösüşi emele getirmekde Türkmenistanyň ähmiýetine bagyşlanan umumy mejlis bilen açylar. Mejlisde ýurduň baý çeşmeleri, onuň strategiki geografiki ýerleşişi we parahatçylyga ygrarlylygy görkeziler, bu bolsa, öz gezeginde, sebitde durnuklylygy berkitmäge ýardam eder.

TEIF 2025 halkara forumynyň çäklerinde halkara bilermenleri bilen tejribe alyşmak, peýdaly şertnamalara gol çekmek we şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly möhüm temalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Energetika howpsuzlygyny pugtalandyrýan we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýän, täze maýa goýum mümkinçiliklerini döredýän TOPH transmilli gaz geçirijisiniň mümkinçiligine aýratyn üns berler. Energetika diplomatiýasynyň, sebitdäki durnuklylygyň we ählumumy gatnaşyklaryň esasy hasaplanýan Türkmenistanyň energetikasynyň ösüş strategiýasy bu ugurda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlär.

Jemleýji bilermenleriň açyk pikir alyşmasy hususy pudagyň Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysadyýetini ösdürmekdäki ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar. Telekeçiler işewür hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, maýa goýumlary üçin esasy pudaklary we durnukly ykdysady zolaklary emele getirmäge hususy pudagyň gatnaşygyny güýçlendirmek strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Ozal iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi sapary wagtynda ýokary derejede ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň jemi boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekildi, onda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ummasyz mümkinçiliginiň bardygy bellenildi.

Dubaýda TEIF 2023 we Parižde TEIF 2024 halkara forumlarynyň üstünlikli geçirilmegi «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy, şeýle hem ýewropaly maýadarlar bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagy Kuala-Lumpurdaky TEIF 2025 halkara forumynyň möhüm şertnamalary baglaşmak we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan maýa goýumlaryny çekmek, ykdysady ösüşi ösdürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin möhüm meýdança boljakdygyna ynam döredýär.

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEK), BMG-niň Ýewropa ykdysady topary, Ählumumy gaz merkezi, Halkara energetika agentligi, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA), Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň döwrebaplaşdyryş we ösüş banky, Beýik Britaniýanyň eksport maliýe agentligi ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, şeýle hem «Petronas», «TotalEnergies», «CNPC», «ADNOC» we «ENI» ýaly öňdebaryjy energiýa kompaniýalarynyň bilermenleri hem-de esasy menejmenti uly gyzyklanma bildirýärler.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

 

Şeýle hem