20-nji fewralda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar we syýasy bilermenler, medeni assosiasiýalaryň wekilleri hem-de “Korea Herald”, “Korea Times”, “Korea Joongang Daily”, “Korea Post”, “Seoul City News”, “Diplomacy Journal (UN Journal)”, “Korea IT Times” ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew ýylyň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek wajyp syýasy-diplomatik, ykdysady we maýa goýum, şeýle hem köpsanly medeni çäreleriň geçiriljekdigi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýokary derejede geçiriljek çärelere ýygnananlaryň aýratyn ünsi çekildi.
Brifingde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletimizde amala aşyrylýan iri maksatnamalar we möçberli taslamalar, şeýle hem Türkmenistanyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» dünýä derejesinde öňe sürýän başlangyçlary hem-de ýurdumyzyň bu ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 33 ýyllygy nukdaýnazaryndan bolsa, halkara we döwlet derejesinde geçiriljek möhüm çäreleriň ýurdumyzyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda aýratyn ähmiýete we çuň many-mazmuna eýe bolup durýandygy nygtaldy.
Metbugat maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly– dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. Mundan başga-da, çäräniň dowamynda, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormaly Prezidentimiziň ýazan eserleriniň, türkmen milli egin-eşikleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Çäräniň ahyrynda myhmanlara milli türkmen tagamlary hödürlenildi.
Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi