Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän energetika syýasatynyň netijesinde nebitgaz toplumynda ýetilýän sepgitler milli ykdysadyýetimiziň barha artýan kuwwatynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen anyk wezipeleri amala aşyrmakda gazanylýan üstünliklere «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri hem saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Sebitiň çäklerindäki nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmekde guýulary düýpli abatlaýjylar tarapyndan alnyp barylýan netijeli işlerde döwrebap tehnikalardyr enjamlaryň möhüm ornuny aýratyn nygtamak gerek. Ýerine ýetirilýän abatlaýyş işleriniň möçberlerine hem-de hil derejesine oňyn täsirini ýetirýän döwrebap tehnikalar döwletimiz tarapyndan dowamly satyn alynýar. Geçen ýylyň dekabr aýynda, has takygy, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň toýlanýan günlerinde hem «Nebitgazdüýliabatlaýyş» trestine «LG C360» kysymly maýyşgak nasos kompressor turbaly tehnikalar toplumynyň üçüsi gelip gowşupdy. Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen bu kämil tehnikalar wagtlaýyn hereketsiz duran guýularyň içinde ýüze çykýan çylşyrymly bökdençlikleri aradan aýyrmaga şertleri üpjün edýär. Düýpli abatlaýşa garaşýan guýularda zerur işleri gysga wagtda, ýokary hilli ýerine ýetirmekde bu döwrebap tehnikalar giň mümkinçiliklere eýedir.
Ýeri gelende aýtsak, guýulary düýpli abatlaýjylaryň alyp barýan önümçilik ähmiýetli işleriniň düýpli ilerlemegine ýardam eden bu tehnikalar trestiň müdirlikleriniň garamagynda öňden bar bolan, Hytaýdan, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Germaniýadan alnan tehnikalaryň üstüni ýetirdi. Abatlaýjylaryň ýük göterijiligi 80 tonnadan 120 tonna çenli bolan kuwwatly tehnikalaryň önümçilik mümkinçiliklerini netijeli özleşdirmekleri olara meýilnamalara abraý bilen hötde gelip, gaýtadan önümçilik hataryna goşulýan guýularyň sanyny yzygiderli artdyrmaga ýardam edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen aýynda alnyp barlan işleriň önümçilik görkezijileri muňa doly güwä geçýär. Bu döwürde trest boýunça düýpli abatlaýyş işleri geçirilen guýularyň sany 39-a ýetdi. Şonça guýynyň 33-sinden gaýtadan önüm almak işleri ýola goýuldy. Gürrüňi edilýän döwürde goşmaça 1 müň 675 tonna «gara altyn» alnyp, meýilnama 101 göterim ýerine ýetirildi.
«Goturdepeguýularydüýpliabatlaýyş», «Barsagelmezguýularydüýpliabatlaýyş» müdirlikleriniň öz işlerine ussat abatlaýjylary zähmet görkezijileriniň gazanylmagynda aýratyn tapawutlandylar. Bu müdirlikleriň hersi boýunça abatlaýyş işleri geçirilen guýularyň sany 18-e ýetdi. Kärhanalaryň hersi 15 guýyny gaýtadan önümçilik hataryna goşmagy başardylar. Goşmaça alnan «gara altynyň» 1 müň 490 tonnasy şu kärhanalaryň paýyna düşdi.
Çeşme: «Balkan» gazeti