Habarlaşmak
04.07.2024
Hökümet mejlisinde nebiti çykarmagy artdyrmagyň we gaýtadan işlemegiň çäreleri maslahatlaşyldy
14.11.2022
Hökümet mejlisinde nebiti çykarmagy artdyrmagyň we gaýtadan işlemegiň çäreleri maslahatlaşyldy

Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedyň sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň we nebiti gaýtadan işlemegiň meseleleri maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemek hyzmatyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, nebitli guýularda täze, döwrebap tehnologiýalary we halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak, täze nebit guýularyny burawlamak arkaly nebitli guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak we nebitiň goşmaça möçberlerini çykarmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Serdar Berdimuhamed hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ony öňdebaryjy pudaga öwürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, pudagyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümlerini çykarmaga aýratyn üns berilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ýataklaryny işläp geçmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalara eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem