Habarlaşmak
06.07.2025
Awazada ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen halkara maslahat geçiriler 
06.08.2022
Awazada ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen halkara maslahat geçiriler 

15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. 

Ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen foruma  25 döwletiň we halkara guramalaryň 16-synyň wekilleriniň gatnaşjakdyklary baradaky tassyklaýyş hatlary gelip gowuşdy.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamy boýunça birnäçe halkara çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty guraldy. Gazanylan tejribelere esaslanyp, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýylda kabul eden degişli Kararnamasy bilen berkidildi. 

Şeýle hem