Habarlaşmak
25.02.2025
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi
25.02.2025
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi

Fewral aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Ýurdumyzyň döredijilik, medeniýet işgärleriniň, žurnalistleriň, sungat ussatlarynyň, meşhur aýdymçylaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly maslahat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp dabaralandyrmak babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegine hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlandy.

Dabaraly maslahat «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanylan aýdym-sazly çykyş bilen başlanyldy. Soňa onda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesini ýokary derejede dabaralandyrmak boýunça geçiren maslahatynda öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti barada aýdyp, şanly senäniň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini, onuň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň rowaçlanmagyna giň ýol açýandygyny bellediler.

Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk dabaralaryna taýýarlygyň çäklerinde halkara derejesinde geçiriljek maslahatlaryň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň ýörelgelerine laýyk gelmelidigini belledi. Aýratyn-da, baýramçylyk mynasybetli geçiriljek halkara forumlar ýurdumyzyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bitaraplyk derejesine laýyklykda guralmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde bu çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan beýan edilmegine zerur üns berilmelidir.

Şoňa görä-de, dabaraly maslahatda çykyş edenler bu ugurda alyp barýan işlerinde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarynyň mazmunyna laýyklykda we hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda öňde goýan wezipelerini üstünlikli berjaý etmek ugurnda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdylar.

Dabaraly maslahatyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp onuň many-mazmunyny artdyrdy.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

 

Şeýle hem