Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 10–12-nji oktýabry aralygynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa çykyş edip, degişli hasabaty berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, halkara forumyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şeýle-de ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň lukmanlarynyň, alymlarynyň we sport hünärmenleriniň gatnaşmagynda giň gerimli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Forumyň dowamynda birnäçe möhüm halkara ylmy çäreler hem geçiriler. Şolaryň hatarynda:
Bu çäreleriň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga uly itergi bermegine garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara forumyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport pudaklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülmegini tabşyrdy.
Forumyň ylmy maslahat bölümi 20 mowzuk boýunça ýörite bölümler görnüşinde geçiriler. Olaryň arasynda kardiologiýa, onkologiýa, hirurgiýa, oftalmologiýa, sanly lukmançylyk, sport lukmançylygy, bilimde innowasiýalar, sanly ykdysadyýet we Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk ýaly ugurlar bar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti ähli gyzyklanýan taraplary bu halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar.