Habarlaşmak
27.11.2025
ADNOC wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan dünýäniň iň geljegi bar bolan energetika merkezleriniň biridigini aýtdy
26.11.2025
ADNOC wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan dünýäniň iň geljegi bar bolan energetika merkezleriniň biridigini aýtdy

Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bassem Tadros kompaniýanyň Aşgabatdaky edarasynyň açylyş dabarasynda Birleşen Arap Emirliklerini we Türkmenistany ynam, hormat goýmak, energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş babatda umumy garaýyşlara esaslanýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi.

Bu ugurda iki ýurt yzygiderli syýasy, ykdysady we maýa goýum aragatnaşyklaryny çuňlaşdyrýarlar. Bu ýerde energetika pudagy hyzmatdaşlygyň iň möhüm sütünleriniň birine öwrüldi.

«Türkmenistan dünýä derejeli tebigy gaz gorlaryna, Gündogar bilen Günbataryň arasynda strategiki taýdan amatly geografiki ýerleşişe, şeýle-de energetikadaky köp ýyllyk taryhyna eýe bolan ýurtdur. Türkmenistan diňe bir uly serişdeler babatda däl, eýsem, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň durnuklylygy, anyk maksatlary we öňdengörüjilikli strategiýasy sebäpli-de dünýäniň iň geljegi uly energetika merkezleriniň biridir. Ýurduň sebit energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdaky we dünýä gaz bazaryndaky ornuny artdyrmakdaky kuwwaty örän ähmiýetlidir we ösmegini dowam etdirýär» – diýip, wekilhananyň ýolbaşçysy aýtdy.

Bassem Tadros Türkmenistanyň kuwwatynyň «ADNOC» kompaniýasynyň tehniki mümkinçilikleri bilen utgaşmagynyň ählumumy ösüş üçin netijeli strategiýa öwrüljekdigini hem nygtady.

Şeýle hem