Habarlaşmak
06.07.2025
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar
11.01.2022
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar

Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümet wekilleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we beýleki infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Bu barada ylalaşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalarynyň Owganystana iş saparynyň çäginde Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriň orunbasary, Magdan we nebit önümleri ministri, Oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministriniň orunbasary bilen duşuşyklarynda gazanyldy.

Taraplar derwaýys ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň depgininiň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler. Bu ugurda iki ýurduň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenistandan Owganystanyň birnäçe welaýatlaryna demir ýollaryň gurluşygynyň has hem ilerledilmegine taýýardyklary beýan edildi.

Owgan topragynda abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi hem-de ýurduň sebit ähmiýetli iri göwrümli ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky taslamalara işjeň çekilmeginiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy nobatdaky duşuşygyň esasy mowzuklarynyň hatarynda boldy.

Owgan tarapy goňşy ýurda yzygiderli goldaw berýän Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Şeýle hem