Habarlaşmak
07.11.2025
Türkmenistan «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý dabarasyna gatnaşdy
07.11.2025
Türkmenistan «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý dabarasyna gatnaşdy

Waşington şäherinde, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň binasynda 5-nji noýabrda «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagynyň ýubileý duşuşyklaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ABŞ-niň Kongresiniň senatorylary we Wekiller palatasynyň agzalary, döwlet edaralarynyň işgärleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-niň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Kabul edişligiň dowamynda «C5+1» formatynyň döredilmeginiň şanly senesine bagyşlanan şu taryhy wakanyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky sebitara gatnaşyklary, köpugurly hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem