Habarlaşmak
13.07.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow Derwezedäki gaz kraterini söndürmegiň usulyny tapmagy tabşyrdy
12.01.2022
Gurbanguly Berdimuhamedow Derwezedäki gaz kraterini söndürmegiň usulyny tapmagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Derwezedäki ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň çözgüdini tapmak meselesini gozgady.

Döwlet Baştutany wise-premýer Ş.Abdrahmanowa ýüzlenip, indi uzak ýyllardan bäri, Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durandygyny, bu ýagdaýyň ekologiýa, şeýle hem golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.

Galyberse-de, biz eksport edip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ep-esli möçberde girdeji aljak çig malymyzy ýitirýäris diýip, Prezident belledi we wise-premýere alymlary ýygnap, eger gerek bolsa, daşary ýurtly geňeşdarlary hem çekip, bu ýangyny söndürmegiň çözgüdini tapmagy tabşyrdy. Tebigy gazy peýdalanjak ýerimizi bolsa özümiz taparys diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Türkmen SSR-däki Derweze ilatly nokadynda sowet geologlary ýerasty gazynyň toplanmasyny ýüze çykardylar, Gözleg guýusyny buraw etmegiň barşynda geologlar ýerasty boşluga gabat geldiler. Ýeriň üstki gatlagy aşak opruldy, netijede gazdan toplanan äpet boşluk emele geldi. Buraw diňi ähli enjamlary we ulaglar bilen bilelikde şol boşluga gaýtdy. Adamlar ejir çekmedi.

Geologlar adamlaryň hem-de haýwanlaryň gazdan zäherlenmezligi üçin boşlugy otladylar. Wagtyň geçmegi bilen gazyň sönmegine garaşyldy, emma ol häzir hem ýanmagyny dowam edýär. Gaz krateriniň diametri 60 metr, çuňlugy 20 metr.

Şeýle hem