
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 3-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.
“Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralýan halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmak, gurluşyk, senagat toplumynyň pudaklaryny, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiligini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Awazada geçirilýän bu möhüm çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga hem-de durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, toplumyň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn”, - diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy.
“Türkmenistan gurýan ýurtdur, kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň sebitlerinde häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän kämil durmuş düzümleri kemala gelýär. Binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi, häzirki zaman bilim edaralary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, kaşaň myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri senagat-önümçilik toplumlary hem-de beýleki binalardyr desgalar guruldy. Olaryň ençemesiniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladanyň ýokary derejä göterilýändiginiň, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Ata Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzyň barha rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýändigini bellemek gerek. Täze taryhy eýýamda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat gözümiziň alnynda tanalmaz derejede özgerip, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwrüldi. Biz merjen paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine we ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýäris.
Eziz Diýarymyz günsaýyn pajarlap ösýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Aýratyn-da, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ýokary depginlerde gurulmagy Garaşsyz döwletimiziň gazanýan uly üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr”, - diýip Serdar Berdimuhamedow belledi.
Döwlet baştutanymyz halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işiňizde uly üstünlikleri arzuw etdi.