Demirgazyk welaýatyň pagtaçy ýer eýeleri hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan şu ýylky oba hojalyk ýylynda 155 müň gektar meýdanda gowaçanyň bereketli hasylyny kemala getirmek bilen, pagta ýygymy möwsüminde 275 müň tonna «ak altyn» ýygyp, Watan harmanyna goşarlar. Welaýatyň gallaçy we pagtaçy daýhanlarynyň häzirki jogapkärli möwsümde gündelik alyp barýan wajyp işleriniň günsaýyn ilerlemeginde «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň ýerlerdäki nebit önümleri kärhanalarynyň işgärleriniň saldamly goşandynyň bardygyny aýratyn bellemek bolar. Çünki Diýarymyzyň demirgazyk welaýatynda Daşoguz şäherinde, Gubadag, Boldumsaz, Köneürgenç hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda döwrebap nebit kärhanalary bar, ol ýerlerde häzirki wagtda pagta ýygymyny we galla ekişini öz wagtynda hem-de agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary hil derejesinde geçirmek maksadynda möwsüme zerur bolan ýangyç, şeýle-de çalgy ýaglarynyň ygtybarly gorlary döredildi.
Daşoguz nebit önümleri kärhanasynyň hyzmatyndan häzirki döwürde welaýatyň Görogly, S.A.Nyýazow, Gurbansoltan eje adyndaky, Akdepe, Şasenem düzlüginde ýerleşýän Ruhubelent etrabynyň ilaty hem-de edara-kärhanalary bökdençsiz peýdalanyp gelýärler.
Kärhananyň garamagynda her ýylda nebit önümleriniň 180 müň tonnasyny, çalgy ýaglarynyň bolsa 500 tonnasyny sarp edijilere ýetirmäge mümkinçiligi bolan döwrebap ammarlar bolup, olarda dizel ýangyjynyň, motor ýagynyň we benziniň dürli görnüşleri ygtybarly saklanýar hem-de edara-kärhanalara, ýangyç guýýan beketlere yzygiderli ýetirilip durulýar.