Nebitgaz pudagynda nebitiň we gazyň gorlaryny artdyrmak üçin gözleg-barlag işleriniň göwrümini çalt depginde ýokarlandyrmak, gazylyp alynýan önümiň durnuklylygyny saklamak möhümdir. Günorta-Günbatar Türkmenistanda, aýratyn-da, Gögerendag — Ekerem göterilmeler zolagynda önümiň artdyrylmagyny diňe bir täze meýdançalaryň gözleg-burawlaýşy bilen däl-de, eýsem, eýýäm belli känleriň işläp gutarma prosesi arkaly hem gazanmak mümkindir.
Organiki dag jynslarynyň nebitgazdoýgunlylygy, bitewüligi we kern materialynyň aýratynlyklary Çekişler ýatagynyň kesimleri boýunça toparlaryň düzüminiň yzygiderliligini, aýratyn görnüşleriniň möçberini, biostratigrafiki gabatlaşmasyny hem-de gatlagyň toplum stratigrafiýasyny gurmaga mümkinçilik berýär.
Çekişler ýatagynyň ýer üstüni täze hazar we häzirki zaman çökündileri keseleýin örtýär. Olaryň etegine neogeniň, paleogeniň we mezozoýyň çökündileri düşelendir.
Sebitiň stratigrafiki bölünişiniň ýerasty kesiminiň gurluşy — gözleg we barlag çuňňur guýularyň dürli derejede tassyklanmasy, Gögerendag — Ekerem tektoniki zolagyndaky meýdançalaryň hemmesi baglanyşyklydyr. Porsy, Adamguduk, Keýmir, Miýesser, Ekerem, Gamyşlyja, Akmaýa we şuňa meňzeş meýdançalar burawlanyldy, şeýle hem bu zolagyň çäginde ençeme läbik wulkanlar bellenildi.
Günbatar Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda häzirki wagtda toplumyň stratigrafiki nebit saklaýjysy bolup durýan aşaky gyzylreňkli gatlagy uly orun tutýar. Burawlaýyş işleriniň netijeleri boýunça gazyň we kondensatyň gorlarynyň hasaplamalary gyzylreňkli gatlagyň ýokarky (VII, VIII, IX gorizontlar) we aşaky bölümlerinde (AG1, AG1a, AG, AG3, AG4, AG5 we AG6 gorizontlar) geçirildi.
Burawlama-dikeldiş, senagat-tejribe işleriniň, şeýle-de işlenip düzmeleriň netijesinde gorlar has ýokarky kategoriýalara geçirildi. Ýüze çykarylan C2 kategoriýaly gaz gorlarynyň ýataklary çäklendirildi we olar senagat kategoriýalaryna geçirildi. Aşaky gyzylreňkli çökündileriň kesimleriniň açylmadyk böleginde miosen toplumynda täze ýataklary gözlemek maksady bilen, birnäçe guýulary gazmak bellenildi. C2 kategoriýa boýunça aşaky gyzylreňkli çökündileriň nebit we gaz serişdelerine baha bermek amala aşyryldy.
Geçirilen barlaglar Çekişler ýatagynyň gaznebitliliginiň geljeginiň ýokarydygyny, ýatagyň pliosen — miosen gatlaklarynda geologik-agtaryş, barlag işlerini dowam etdirmegiň peýdalydygyny görkezýär.
Bagtygül ANNAGELDIÝEWA,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň laboratoriýa müdiri.
Çeşme: Türkmenmetbugat