
Häzirki wagtda Türkmenistanda ähli pudaklara sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny hem-de emeli aňyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak, olaryň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, onuň üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeler amala aşyrylýar. Munuň özi ildeşlerimiz üçin sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini elýeterli etmäge, ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini döretmäge, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilikleri döredýär.
Döwlet Baştutanymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahatlarynda-da taraplar ýokary tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk, aragatnaşyk we sanly infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde örän uly ähmiýete eýedir. Şonuň bilen bir hatarda, sanly ulgamyň ösüşini ilerletmäge, intellektual ulgamlaryň işini üpjün etmäge, maglumat geçiriş torlarynyň, internet hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, maýa goýumlary çekmäge ýakyndan ýardam berer.
Tehnologiýalaryň barha kämilleşýän wagtynda dünýä ýüzünde adamzat durmuşyna nanotehnologiýalar döwrüniň iň soňky gazanan tehniki enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ykdysady ösüşiň depginini güýçlendirmäge mümkinçilikleri döredýär. Olaryň hatarynda emeli aňyň işine hem uly ähmiýet berilýär. Emeli aň tehnologiýalaryny ykdysadyýetiň esasy ugurlaryna, şol sanda maliýe, oba hojalygy, energetika pudaklaryna, döwlet dolandyryşyna giňden ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri yzygiderli öwrenilýär.
Häzir Ýer ýüzüniň ilatynyň ýüzlerçe milliony sanly tehnologiýalaryň döredýän oňyn mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar we täzeliklere garaşýarlar. Müňlerçesini bu pudagyň şu günki we geljekki ösüş ugurlary gyzyklandyrýar. Käbiri bolsa täze ideýalary döretmegiň, tehnologiýalary haýsy ugra ugrukdyrmagyň has netijeli boljakdygy hakynda oýlanýar. Emeli aň — adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň derwaýys ugry. Şonuň üçinem onuň ýakyn geljekde bize nähili täzelikleri getirjekdigi hemmämiz üçin gyzykly bolmagynda galýar.
Dünýäde dowam edýän sanly öwrülişikleriň iň täsirli güýji hökmünde emeli aň häzirki döwürde diňe bir ylmy barlaglaryň däl, eýsem, jemgyýetiň, ykdysadyýetiň we döwlet dolandyryşynyň hem esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Birnäçe onýyllygyň dowamynda nazaryýet derejesinde dowam edip gelen bu tehnologiýa häzirki wagtda milliardlarça adamyň gündelik durmuşyna täsir edýän hakyky güýje öwrüldi. Emeli aňyň ornaşdyrylmagy diňe kompýuter programmalary bilen çäklenmeýär. Ol häzirki wagtda saglygy goraýyşdan başlap, ulag-logistika, bilim, energetika, bank ulgamy, jemgyýetçilik hyzmatlary we sungat ýaly ugurlarda giňden peýdalanylýar. Emma bu ösüş bilen birlikde onuň ahlak, iş üpjünçiligi, maglumat howpsuzlygy ýaly meseleleri hem giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.
Soňky 10 ýylyň dowamynda emeli aň tehnologiýasy ýiti depginde ösdi. Öň adam tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň aglaba köpüsi indi «akylly» algoritmler tarapyndan amala aşyrylýar. EA-nyň häzirki zaman ösüşine täsir edýän esasy ugurlar diýip şulary görkezmek bolar: uly maglumatlaryň (Big Data) giňden ulanylmagy; has güýçli hasaplaýyş serişdeleriniň peýdalanylmagy; öz-özüni öwrenýän algoritmleriň ösüşi; uly kompaniýalaryň bu ugra goýýan maýa goýumlarynyň artmagy.
Emeli aň häzirki wagtda ulanyjylar üçin açyk we örän täsirli bolan platformalar arkaly yzygiderli durmuşa ornaşýar. «OpenAI», «Google DeepMind», «Anthropic», «Microsoft Copilot», «Midjourney» we «DALL·E» dünýäde giňden ulanylýan esasy emeli aň platformalarydyr.
EA-nyň ösüşiniň iň kän gürrüň döredýän meselesi — onuň iş bazaryna edýän täsiridir. Eýýäm häzirden başlap käbir hünärler awtomatlaşdyrylýar, emma muňa garamazdan, täze kärlerem peýda bolýar: EA inženerleri, maglumat seljerýän hünärmenler, kiberhowpsuzlyk hünärmenleri, EA-nyň etikasyny öwrenýän bilermenler we emeli aň tehnologiýalaryny işläp düzüji programmistler... 2030-njy ýyla çenli dünýäde 300 milliona golaý iş orny awtomatlaşdyrylyp bilner.
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2035-nji ýyla çenli EA dünýä ykdysadyýetine 15 trillion dollardan gowrak goşant goşar. Geljekde emeli aň diňe maglumat bilen däl, eýsem ahlakly we döredijilikli pikirlenýän ulgama öwrüler. Käbir ylmy merkezleriň pikiriçe, XXI asyryň ortasynda «superakylly» emeli aň peýda bolup biler. Häzirki wagtda EA-nyň iň wajyp meseleleri onuň ahlak-etiki gymmatlyklar bilen arabaglanyşygy bilen baglydyr. Çünki jemgyýetleriň medeni häsiýetleriniň köpdürlüligi bu meseläniň has-da kynlaşmagyna täsir edýär. Onsoňam, emeli aňdan peýdalanmagyň medeniýetiniň kesgitli ýörelgeleri bolmalydyr. Sanly tehnologiýalardan peýdalanmak döwlet düzümleriniň işi bilenem bagly bolansoň, olaryň bu meselä garaýyşlary ösüşe dürlüçe täsir edip biler.
Emeli aň geljekde işleriň aglaba böleginiň awtomatlaşdyrylmagyna, EA bilen hyzmatdaşlyk edilmegine, şahsylaşdyrylan bilime has takyk diagnozlara, derman serişdelerini we bejeriş usullaryny döretmäge, gartaşýan adamlaryň we beýlekileriň keselleriniň öňüni almak maksady bilen, şahsylaşdyrylan bejeriş meýilnamalaryny we iýmitlenmek maksatnamalaryny düzmäge, sanly döredijiligiň ýola goýulmagyna getirip biler. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň wekilçilikli toparlarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda emeli aň we onuň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly ugurlara bagyşlanyp geçirilýän halkara forumlara gatnaşyp, oňyn tejribe toplaýandyklaryny bellemek ýakymly. Mundan başga-da, şu ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar ulgamynda halkara derejesindäki ugurdaş düzümler we dünýäniň ylmy merkezleri giň hyzmatdaşlyga hemişe açykdygynyň nobatdaky beýanydyr. Munuň özi ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň ösdürilmegine we ykdysadyýetiň pudaklaryna işjeň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Amandurdyýewa Tylla,
“Türkmennebit” DK-nyň “Türkmenistanyň Nebiti, gazy we mineral serişdeleri” žurnalynyň redaksiýasy “Sanly habarlar” bölümi programmist