Habarlaşmak
01.12.2025
Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň ösüşi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy
01.12.2025
tuerkmenistanda-sanly-tehnologiyalaryn-oesuesi-we-ylym-bilim-ulgamyna-ornasdyrylmagy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, 2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary, magistrleri we talyplary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň hünärmenleri hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata dünýäniň 22 döwletinden, şol sanda Hytaý, Russiýa Federasiýasy, Ýaponiýa, Malaýziýa, Germaniýa, Gazagystan, Italiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Indoneziýa, Pakistan, Awstriýa, Eýran, Ruminiýa, Azerbaýjan, Belarus, Gruziýa, Täjigistan, Özbegistan, Ermenistan, Panama, Iordaniýa we Türkmenistandan jemi 1500 töweregi alym, hünärmen we talyp gatnaşdy.

Halkara derejesindäki forumyň esasy maksady — sanly innowasiýalaryň ösüş ugurlaryny seljermek, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de sanlylaşdyrma ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat boldy.

Maslahat işini üç esasy bölümde alyp bardy:

  • Bilim ulgamynda sanlylaşdyrma we sanly tehnologiýalar

  • Kiberhowpsuzlyk we emeli aň

  • Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde sanly ykdysadyýetiň orny

Umumy mejlisde 30-dan gowrak, bölümlerde bolsa 120-den gowrak ylmy çykyş diňlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynda gysga wagtda okgunly sanly innowasion tehnologiýalaryň ösdürilmegi amala aşyryldy. Bu üstünlik ýokary tehnologiýalaryň, programma üpjünçilikleriniň we emeli aňyň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagynda dünýä tejribesini özleşdirmegiň netijesinde gazanyldy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalary we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de bilelikdäki taslamalary utgaşdyrmaga hemişe taýýardygy bellenildi.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, giň gerimli özgertmeler we sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda, ylym, bilim we önümçilik aragatnaşyklaryny pugtalandyryş möhümdir. Bu çäkde täze hünärleri döretmek, inženerçilik-tehniki we tehnologiýa ugurlarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek zerur. Ylymlar akademiýasy bu ugurda möhüm orun eýeleýär we giň gerimli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny güýçlendirmäge, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu çäreler milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge hem-de ilatyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir.

Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli infrastruktura döredilýär. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagy maksat edinýär. Sanly bilim hem-de sanly ykdysadyýet bilen baglanyşykly tälim ulgamyny ösdürmek, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak maksadyny amala aşyrýar.

Sanly bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy maglumatlary toplamak, gaýtadan işlemek, geçirmegi we saklamagy üpjün edýär. Şeýlelik bilen, okuw işiniň netijeliligi ýokarlandyrylýar, bilim mazmuny, usullary we bahalandyrma mehanizmleri yzygiderli täzeleýär.

Türkmenistan tarapyndan toplanylan tejribe diňe milli derejesinde däl, eýsem, halkara derejesinde-de uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler halkara bilermenleriň ünsüni özüne çekýär we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyran, döwrebap syýasaty bilen gönüden-göni baglanyşdyrylýar.

Merdan Gyrlow,

"Türkmennebit" döwlet konserniniň Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygy müdirliginiň baş hünärmeni

 

Çeşme: "Türkmennebit" Döwlet korserni

Şeýle hem