Habarlaşmak
10.10.2025
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda 2025-nji ýylyň ilkinji dokuz aýyndaky işiniň netijelerini jemlediler
09.10.2025
tuerkmenistanyn-nebitgaz-pudagynda-2025-nji-yylyn-ilkinji-dokuz-ayyndaky-isinin-netijelerini-jemlediler

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda 4-nji oktýabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde we yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, onuň netijeli işini gazanmakda maddy enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny hemde pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, toplumyň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny ýokary depginler bilen dowam etdirmek, gyş paslynyň golaýlamagy bilen howanyň dürli şertlerine görä, önümçilik kuwwatlyklarynyň bök depginini hasda çaltlandyrmak we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow 22 — 24nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahata hem sergä ýokary derejede taýýarlyk görmegiň, ýangyç energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmegiň, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçiriýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalaryny talaba laýyk ýerine ýetirmegiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kegitledi. Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.

 

Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti

Şeýle hem