Habarlaşmak
03.10.2025
Energetikanyň durnukly ösüşine täzeçil tehnologiýalar arkaly itergi berilýär
02.10.2025
energetikanyn-durnukly-oesuesine-taezecil-tehnologiyalar-arkaly-itergi-berilyaer

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan «Energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak arkaly goýy suwuklykly dietilenglikoly täzeden dikeltmegiň innowasion usuly» atly tehnologiýa üçin awtorlyk hukugy resmi taýdan bellige alyndy we degişli güwänama berildi.

Bu innowasion çözgüt Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň energiýa öndürmek we tygşytlamak boýunça barlaghanasynyň hünärmenleri — M. Hudaýberdiýew, R. Esedulaýew, D. Gadamow we A. Pirmedow tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Tehnologiýa, esasan, nebitgaz kondensatly ýataklarda dietilenglikoly täzeden dikeltmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Tebigy gazda bolup bilýän suw buglarynyň belli basyşda we temperaturada metan bilen birleşip gidratlary döretmegi — turba geçirijileriň dykylmagyna we enjamlaryň zaýalanmagyna sebäp bolýar. Muny aradan aýyrmak maksady bilen, gaz guradyjy serişde hökmünde dietilenglikol giňden ulanylýar. Täze işläp taýýarlamanyň ähmiýeti — siňdiriji serişdäniň arassalygyny 99% ýa-da ondan hem ýokary derejede üpjün etmek zerurlygy bilen baglydyr. Munuň özi ýokary takyklykly we netijeli iş üçin möhüm şertdir.

Bu innowasion çözgüt, energiýanyň ulanylmagy bilen ýörite beketlerde goýy suwuklykly dietilenglikolyň inçe gatlagyny döretmek usulyna esaslanýar. Şeýle çemeleşme energiýa sarp edilişini peseldýär, ýylylygyň ýitgisiniň öňüni alýar we daşky gurşaw üçin howply täsirleri azaldýar. Şeýle hem bu tehnologiýa kömürturşy gazyny we beýleki zyýanly gazlary çykarmaýar.

Netijede, bu täzeçil çözgüt diňe bir tebigy gazyň guradylmagyna däl-de, eýsem, bütin energetika pudagynyň durnukly ösüşine hem uly goşant goşýar. Şeýle-de, ol nebitiň akyjylygyny ýokarlandyrmaga we turba geçirijilerde emele gelýän ýagly-parafin dykynlaryny arassalamaga-da mümkinçilik berýär.

Amandurdyýewa Tylla,

"Türkmennebit" döwlet konserniň "Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnalynyň redaksiýasynyň Sanly habarlar bölüminiň programmist

Şeýle hem