Habarlaşmak
07.10.2025
Türkmenistanyň nebit-gaz uniwersitetinde Awazada gecirilen LLDC3 konferensiýasynyň esasy taraplaryny bellediler
04.10.2025
tuerkmenistanyn-nebit-gaz-uniwersitetinde-awazada-gecirilen-lldc3-konferensiyasynyn-esasy-taraplaryny-bellediler

Şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda garalan meseleler, kabul edilen çözgütler dünýä ýaň saldy.

Tehnologiýalar we innowasiýalar arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde özgertmeleri öňe sürmek temasy şolaryň esasylarynyň biri boldy. Onda durnukly özgertmeleri üpjün etmekde tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň eýeleýän möhüm ornuna üns çekildi. Hususan-da, ulag logistika ulgamyna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyň, «akylly» ulag ulgamynyň peýdalanylmagynyň ýük dolanyşygyny ýeňilleşdirmek we çaltlandyrmak arkaly söwda hem-de ýol çykdajylaryny azaltmaga ýardam berýändigi bellenildi.

Elektron söwdany ösdürmek ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin esasy ugurlaryň biridir. Bu ulgamyň durnukly ösdürilmegi bolsa netijeli sanly döwlet infrastrukturasyna esaslanýan institusional düzümleriň sazlaşykly işini talap edýär. Elektron söwda ulgamynyň institusional düzümleri diýlip onlaýn söwdanyň işini kadalaşdyrýan we goldaýan düzgünleriň, kadalaryň, gurallaryň, mehanizmleriň toplumyna düşünilýär. Bu düzümler elektron amallaryň ygtybarlylygyny, howpsuzlygyny, netijeliligini üpjün edýär.

 

Çeşme: “Nebit-Gaz” gazeti

Şeýle hem