Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda durmuşa ornaşdyrylýan döwlet häkimiýet edaralarynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek, işjeňligini artdyrmak bilen bagly özgertmelerde wekilçilikli häkimiýet edaralaryna uly orun berilýär. Çünki wekilçilikli häkimiýetiň esasy wezipesi halkyň adyndan çykyş etmekden, ilatyň dürli gatlaklarynyň bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýylda bir gezek geçirilýän nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşdyrylýanlygy geljegimiz bolan ýaşlara bildirilýän ynamyň belentdigini aýdyň görkezýär.
Halkymyz köpasyrlyk taryhy tejribesine daýanyp, adamzat paýhasynyň, şeýle hem dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň ýoluny saýlap aldy, döwleti dolandyrmagyň türkmen modelini, syýasy-hukuk binýadyny döretdi. Netijede, biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda halkymyzyň ata-baba ýol-ýörelgelerinden gözbaş alýan milli däp-dessurlarynyň, adatlarynyň, demokratik dünýä garaýyşlarynyň, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasynyň öz beýanyny tapýandygyny aýdyň görýäris. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurduň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidentinden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyndan, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyndan başlap, döwletiň we jemgyýetçiligiň giň wekiliýetiniň gatnaşmagy bu ýerde kabul edilýän çözgütleriň mazmunynda ilatyň giň gatlagynyň bähbitleriniň göz öňünde tutulýandygyny aňladýar. Öňde boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem il-ýurt bähbitli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylyp, wajyp çözgütleriň kabul ediljekdigine ynanýarys.
Ogulgerek BERDIMYRADOWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti