«Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän önümçilik edaralarynyň işçi-hünärmenleri barha golaýlaşýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler.
Munuň şeýledigine müdirligiň agzybir gazçylary tarapyndan welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de daşary bazarlara çykarylýan tebigy gazyň üznüksiz akdyrylmagyny gazanmak ugrunda şu günler alnyp barylýan nusgalyk işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Müdirlik baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralaryny, dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 4500 kilometrden gowragyny hem-de gaz sazlaýjy desgalaryň onlarçasyny özüne birleşdirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda müdirligiň aýba-aý iş tabşyryklaryny talabalaýyk ýerine ýetirip gelýän öňdebaryjy zähmet köpçüliginiň biri-de welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasydyr. Bu edara «Döwletabat — Derýalyk» halkara gaz magistralynyň demirgazykda ýerleşýän iň soňky gaz gysyjy desgasydyr. Bu ýere onuň gündogar-günortasynda ýerleşýän «Ýylanly» önümçilik edarasyndan gelen gymmatly «mawy ýangyç» gaýtadan işlenip, arassalanyp, guradylyp, halkara hil derejesinde daşary bazarlara ugradylýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň barha golaýlaşmagy bilen emele gelen ýokary zähmet galkynyşy bolsa edaranyň her bir işgäriniň ruhuna ruh goşup, olary rowaçlyklaryň täzeden-täze belentliklerine galkyndyrýar.
Munuň şeýledigini edaranyň gaz gysyjy, gaz paýlaýjy, gaz guradyjy we gaz geçiriji desgalarynda bolanyňda her ädimde aýdyňlygy bilen duýmak bolýar. Biz bu ýerde bolanymyzda, ähli işleriň gije-gündiziň dowamynda sanly ulgam arkaly dolandyrylýandygynyň şaýady bolduk. Edaranyň gaz gysyjy gullugynyň başlygy Muhammetnepes Kakabaýewiň ýolbaşçylygynda işler üç iş çalşygynda alnyp barylýar. Gullugyň desgalarynda ýüze çykýan käbir näsazlyklary öz wagtynda düzetmekde slesarlar Sapardurdy Haljanow we Hakmyrat Mämenow dagynyň bitirýän derwaýys işleri aýratyn bellärliklidir. Işleriň sazlaşykly gitmeginde we türkmen gazynyň Ýewropa ugry boýunça bökdençsiz akdyrylmagynda gaz guradyjy, elektrosuw üpjünçiligi hem-de elektrohimiýa gorag gulluklarynyň işçi-hünärmenleriniň hem her biriniň öz mynasyp paýy bar.
Munuň şeýledigine biz ol ýerde döredijilik saparynda bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik. Elektrosuw üpjünçiligi gullugynyň Muhammet Taganow, Durdymyrat Hydyrow, Begenç Ýazberdiýew, Döwranmyrat Garajaýew, elektrohimiýa gorag gullugynyň Sapardurdy Mätgurbanow, elektrik ussalary Allamyrat Darhanbaýew we Baýramdurdy Hojagulyýew ýaly işçi-hünärmenleriniň birleşen tagallalary netijesinde gaz desgalarynyň saz işlemeginiň gazanylýandygyny hem-de her bir iş gününiň ýokary netijelere beslenýändigini edaranyň ýolbaşçylary buýsanç bilen aýdýarlar.
«Ýylanly» gaz gysyjy desgasyndan gelýän tebigy gaz tozan tutujy we arassalaýjy ulgamlardan geçenden soňra, gaz gysyjy desgalaryň kömegi bilen gaz guradyjy desgalara ugradylýar. Ol ýerde bolsa gullugyň başlygy Batyr Jümijikowyň ýolbaşçylygynda gaz guradyjy operatorlar Täçmyrat Atajanow, Muzaffar Saltyýew we himiki derňew laborantlary Täzegül Mämmetorazowa, Akmeňli Esenowa ýaly hünärmenleriň taýsyz tagallalary netijesinde çig malyň düzümindäki suwuklyklar guradylyp, halkara kadalaryna laýyk getirilen tebigy gaz edaranyň gaz ölçeýji desgasyna, ol ýerden bolsa daşary bazarlara ugradylýar.
— Häzirki döwürde önümçilik kärhanamyzda öz käriniň ussady bolan işçi-hünärmenleriň 350-den gowragy gije-gündiziň dowamynda bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhuna mahsus derejede zähmet çekýärler. Edaramyzda milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, her bir zähmet adamsynyň talabalaýyk iş şertlerinde işlemegi, medeniýetli dynç almagy üçin zerur şertler döredilendir. Iş ýerimiziň golaýynda, ýagny Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň çäginde işçi-hünärmenlerimiziň ýaşaýan şäherçesi ýerleşip, ol ýerde durmuş üpjünçiligi boýunça ähli amatlyklar döredilen. Geljekde hem hormatly Prezidentimiziň biz, gazçylar barada edýän bimöçber aladalaryna jogap hökmünde ruhubelent zähmet çekmek bilen, türkmen gazynyň halkara hil derejesinde dünýä bazaryna üstaşyr bökdençsiz akmagyny üpjün ederis. Bu ugurda şu ýylyň 9 aýynyň jemleri boýunça gazanjak ýokary netijelerimiz hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesine gazçylarymyzyň mynasyp toý sowgady bolar — diýip, edaranyň ýolbaşçysy Wepa Baýnazarow buýsanç bilen aýdýar.