Habarlaşmak
05.11.2025
«Ýaşyl» bilim we durnukly ösüşiň geljegi
03.11.2025
yasyl-bilim-we-durnukly-oesuesin-geljegi

«Ýaşyl» bilim – bu, esasan ýaş nesillerde durnukly jemgyýeti döretmek we daşky gurşawy geljekki nesillere abadan ýagdaýda gowşurmak üçin zerur bilim, başarnyk, endik, gymmatlyk we özüňi alyp barmagyň medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çemeleşmedir. Bu konsepsiýa diňe bir ekologiýanyň hem-de durnukly ösüşiň esaslaryny öwretmegi däl, eýsem bilim edaralarynda ekologiýa taýdan arassa we energiýa taýdan netijeli çözgütleriň girizilmegini hem göz öňünde tutýar.

Tebigata hormat goýmak, ekologik medeniýeti ösdürmek – «ýaşyl» bilimiň esasy ugurlary bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim berlişiniň ähli basgançaklarynda howanyň üýtgemegi, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagy, durnukly ösüş bilen baglanyşykly düşünjeler giňden ornaşdyrylýar. Okuw maksatnamalaryna ýörite ekologik ugurly dersleriň girizilmegi bilen birlikde, okuwdan daşary çäreler we köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär.

Şeýle hem, bilim berilýän gurşawy döwrebaplaşdyrmak, ýagny «ýaşyl» mekdepleri döretmek – bu ugurdaky möhüm ädimleriň biridir. «Ýaşyl» bilim ýaşlara daşky gurşaw baradaky düşünjelerini artdyrmaga, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmaga, ekologik meseleleri döredijilikli çözmegi öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda bu ugurda möhüm ädimler ädilýär. Ekologik sowatlylygy ýokarlandyrmak bilen birlikde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda gol çekilen «Ýaşyl mekdep» atly bilelikdäki maksatnama barada Ähtnamany görkezmek bolar. Merkezi Aziýa boýunça ilkinji bolup durmuşa geçirilýän bu maksatnama, gatnaşýan mekdepleri durnukly we energiýa taýdan ygtybarly gurşawa geçirmegi maksat edinýär.

Bu maksatnamanyň çäginde bilim edaralarynyň ähli iş ugurlaryna durnukly ösüş ýörelgeleri ornaşdyrylýar – interaktiw okuw usullaryndan başlap, energiýanyň tygşytly peýdalanylmagyna çenli giň gerimli özgertmeler göz öňünde tutulýar.

Ýokary okuw mekdeplerimizde hem «ýaşyl» bilim konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Käbir uniwersitetlerimiz halkara derejesinde ýörite «ýaşyl» reýtinglere girmegi başardy. Bu reýtingleriň iň abraýlysy – Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan döredilen «UI GreenMetric» reýtingidir. Ol ýokary okuw mekdepleriniň durnukly ösüş we ekologik abadançylyk ugurlarynda alyp barýan işlerine baha berýär. Bu reýtingde tebigy serişdeleri dolandyrmak, energiýany tygşytly ulanmak, galyndylary dolandyrmak, ekologiýa ugurly okuw programmalaryny ösdürmek ýaly görkezijiler nazarda tutulýar.

2024-nji ýylyň netijelerine görä, Türkmenistanyň 11 ýokary okuw mekdebi bu reýtinge girizildi. Şolaryň arasynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti dünýäniň iň öňdebaryjy 500 ýokary okuw mekdebiniň hataryna girmegi başardy.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri hem «ýaşyl» bilim başlangyçlaryna giň ýol açýar. Täze okuw binalary halkara ekologiýa standartlaryna laýyk gurlup, ýaşlara ekologik ugurlar boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Mysal üçin, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Mary şäherinde açylan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasynda Gün panelleriniň we «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň ýerleşmegi ýurdumyzda «ýaşyl» energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Çakanow Ýusup,

"Türkmennebit" DK-niň Maddy enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirliginiň Sanly tehnologiýa we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy

 

Çeşme: "Türkmennebit" Döwlet korserni

Şeýle hem