Habarlaşmak
22.02.2025
Buraw erginlerinde goşundylaryň ähmiýeti
20.02.2025
buraw-erginlerinde-gosundylaryn-aehmiyeti

Hormatly Prezidentimiziň uzak geljege esaslan- ýan ylym-bilim syýasatyny amala aşyrmagyň çäklerinde Watanymyzyň ylym ösüşini hil taýdan dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň hem-de tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we durmuşyň meselelerini çözmäge gönükdirmek ýurdumyzyň alymlarynyň, ähli jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan baş wezipedir.

Soňky ýyllarda nebitli we gazly guýulary burawlamak işleriniň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar. Burawlamanyň tehniki-ykdysady görkezijileriniň ösüşi köp derejede buraw erginleriniň hiline, şeýle hem olary taýýarlamagyň tehniki we tehnologiki netijeliligine baglydyr. Buraw erginleriniň hiline we olaryň geologiki şertlere laýyklylygyna burawlamanyň tizligi, guýynyň sütünýaka zolagynyň durnuklylygy, çylşyrymlaşmalaryň we heläkçilikleriň öňüni almak mümkinçiligi, önümli gatlaklary açmagyň netijeliligi buraw desgalarynyň hem enjamlarynyň işe ýaramlylygy we berkligi, üstünlikli sementlemäge we guýyny gurmagyň bahasyna bagly bolýar. Buraw ergini gazylyp çykarylýan dag jynslarynyň böleklerini ýuwýar. Toýunly araçäk gazylanda, toýun çişip, buraw erginini goýaldýar we hapalaýar.

Toýunly dag jynslarynyň ýatýan aralyklarynda guýulary burawlamagyň öňünde goýulýan meseleleri üstünlikli çözmek üçin, modifisirlenen buraw erginleriniň düzümini saýlamak we işlemek zerur. Toýunlaryň çişmesiniň öňüni almaklyga ukyply serişdeleriň saýlanylmagy we ergine goşulmagy buraw erginlerini modifisirlemegiň ýollarynyň biri bolup durýar. Şeýle serişdeler ingibitorlar, düzüminde ingibitor serişdesini saklaýan buraw erginleri bolsa ingibirleýji diýlip atlandyrylýar. Ingibirleýji erginler guýynyň dik sütünini düzýän toýunly dag jynslarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, öz-özünden garylmanyň, ýagny gazylan dag jynslarynyň dispergirlenip, buraw ergininiň düzümine geçmesiniň öňüni almak ukyplylygy, ýokary toýun sygymlyly ýaly tapawutlanýan alamatlara eýedir.

Toýunly çökündilerde burawlananda çylşyrymlaşmalary azaltmak, guýynyň dik sütüniniň durnuklylygyny saklamak üçin, institutymyzyň ýuwujy erginler we guýulary berkitme laboratoriýasynda modifisirlenen ingibirleýji goşundyny işläp taýýarlamak boýunça toplumlaýyn barlaglar geçirildi. Barlaglarda alnan netijeler buraw erginleri işlenip taýýarlanan täze ingibirlenen goşundy bilen işlenende, has ýokary toýun sygymlylygyna eýe bolýandygyny, süzülmäniň görkezijileriniň peselip, süzülme gyrpagynyň galyňlygynyň kiçelýändigini we +50-70oÑ çenli temperaturada buraw erginleriniň parametrleriniň durnuklylygyny saklaýandygyny görkezdi. Bu bolsa erginiň ýokary ingibirleýji alamatlaryny tassyklaýar.

Toýunlaryň çişmesinde ulanmak üçin işlenip taýýarlanan goşundy buraw erginlerine goşulanda, toýun bilen fiziki-himiki arabaglanyşygynda täsirleşip, gidrotasiýa we çişme ýagdaýlaryny basýandygy barada netije çykarmak bolar. Netijede, guýynyň opurylma we süýşme mümkinçiligini peselder, buraw enjamy saklananda we işledilende, erginiň durnukly saklanmagyna ýardam berer.

Esen TAGANGYLYJOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň inženeri.

Çeşme: “Balkan“ gazeti

 

Şeýle hem