Habarlaşmak
15.07.2025
«NEBITÇINIŇ» ŞYPASY
14.07.2025
nebitcinin-sypasy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň şy­paha­na işi­ni yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­ňa paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da ýer­leş­ýän şy­pa­ha­na­la­ryň dur­ku­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, täze bi­na­lar top­lum­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy hem aý­dyň gü­wä geç­ýär. Döw­rüň ta­la­byndan ugur alyp, hal­ky­my­za göw­ne­jaý hyz­mat ed­ýän şy­pa­ha­na­la­ryň bi­ri-de «Türkmen­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň «Ne­bit­gaz­düýp­lia­bat­la­ýyş» tres­ti­niň Bal­ka­na­bat şä­he­rin­de ýer­leş­ýän «Ne­bit­çi» şy­pa­ha­na­sy­dyr.

Şypahananyň ýurdumyzda halkyň saglygy barada edilýän aladalardan ruhlanýan lukmanlarydyr şepagat uýalary bu ýere saglygyny dikeltmäge, dynç almaga gelýän raýatlara göwnejaý hyzmat edýärler. «Nebitçi» şypahanasy häzirki zaman lukmançylyk tejribelerine esaslanyp, dürli bejeriş usullaryny hödürleýän döwrebap saglyk merkezi bolmak bilen, onda bejergi maksatlary üçin tebigy serişdeler, ýerli howa aýratynlyklarydyr döwrebap lukmançylyk tehnologiýalary utgaşdyrylýar.

«Nebitçi» şypahanasy 1989-njy ýyldan bäri hereket edip, onuň 4 gatly, 100 orunlyk binasynyň daş-töweregi dürli saýaly bezeg agaçlarydyr güller bilen gurşalandyr. Şypahana 2012-nji ýylda düýpli abatlanyp, gözel görke getirildi. Şeýle hem ol dünýä ül­ňülerine laýyk gelýän döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Şypahanada saglygy dikeldiş we bejeriş, fizioterapiýa, tebigy mineral suwlar bilen bejeriş we beýleki bölümler bolup, olarda bejerişiň onlarça görnüşi, esasan hem, içki agzalaryň işjeň­ligini güýçlendirmek, nerw ulgamyna dynç bermek, ýerli tebigy palçyklardyr owkalama we örtgi bejergileriniň üsti bilen deri hem-de süňkbogun keselleriniň öňüni almak, adamyň dem alyş ýollaryny gowulandyrmak ýaly ençeme bejergiler berilýär. Bu hyzmatlaryň hemmesi tejribeli lukmanlardyr şepagat uýalarynyň gözegçiliginde amala aşyrylýar.

Bagy-bossanly ýerler, arassa howa, döwrebap ýaşaýyş otaglary we hyzmat ediş düzümleri onuň aýratynlygydyr. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde 100 adamlyk naharhana bolup, onda raýatlar üç wagtyna gyzgyn nahar bilen üpjün edilýär. Saglyk ýodasy bolsa saglygyny dikeldýänlere arassa dag howasyndan dem alyp, gezelenç etmek mümkinçiligini döredýär.

Şypahanada bejerişiň görnüşlerini yzygiderli gi­ňeltmekde tagalla edilýär. Bu ýere ýurdumyzyň ähli ýerlerinden tomusky zähmet rugsadyna çykan ildeşlerimiz dynç almaga gelýärler. Häzirki zamanyň hil ül­ňülerine doly laýyk gelýän kämil lukmançylyk enjamlaryna, döwrebap üpjünçilige eýe bolan «Nebitçi» şypahanasynda saglygyny dikeldýän watandaşlarymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan tutumly işleri üçin hoşallyklaryny bildirip, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

Arazguly HUDAÝGULYÝEW

"Türkmenistan" gazetiniň habarçysy

Çeşmesi: "Türkmenistan" gazeti

Şeýle hem