Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi belent toý tutumy bilen baýram ediler. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynyň işgärleri-de Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu ýyly belent sepgitler bilen şöhratlandyrmagy asylly maksat edinip, joşgunly zähmet çekýärler.
«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gaz gurluşykçylary ýylyň başyndan bäri «Marygazüpjünçilik» müdirligiň buýurmasy esasynda welaýatyň ilatly ýerlerini gazlaşdyrmak boýunça dört müň ýetmiş dört metr uzynlygy bolan ýokary we orta basyşly gaz geçirijilerini gurdular.
Bagtyýarlyk zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän taýsyz tagallalarynyň çäginde beýleki durmuş hajatlary bilen birlikde welaýatyň obalarynda ozalky gurlan gaz geçirijileriniň durkuny täzelemek işleri barha ýaýbaňlandyrylýar. Şol gaz geçirijilerini gurmakda polietilen turbalaryny ulanmak hem indi giňden ýola goýuldy. Polietilen turbalarynyň bolsa öz ýurdumyzda köpçülikleýin öndürilmegi aýratyn bellärlikli ýagdaýdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öz ýurdumyzda öndürmek baradaky tabşyryklary esasynda «Türkmenturba» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilýän ýokary hilli polietilen turbalary «Marygazüpjünçilik» müdirligine bökdençsiz, yzygiderli gelip gowuşýar. Munuň özi gaz gurluşykçylaryna gaz geçirijileriniň gurluşygyny ýokary depginde alyp barmaklyga mümkinçilik döredýär.
Gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň hünärmenleridir işçileri öz işlerini takyk hem sazlaşykly gurap, welaýatyň Sakarçäge etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň çägindäki orta basyşly gaz geçirijisiniň durkuny täzelemek işlerini bellenilen möhletinde üstünlikli tamamladylar we obanyň ilatynyň döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretden — «mawy ýangyçdan» bökdençsiz peýdalanmaklaryna şert döretdiler. Munuň özi obanyň ilatynyň begenjini, buýsanjyny artdyrdy.
Edaranyň gaz gurluşykçylary Milli maksatnama laýyklykda, welaýatyň Türkmengala etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň Hasyl obasyna gaz berýän orta basyşly eltiji gaz geçirijiniň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk-gurnama işlerini hem ýokary hilli ýerine ýetirdiler.
Gaz gurluşykçylaryň tagallasy bilen Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginiň Medeniýet obasyna barýan orta basyşly gaz geçirijide hem düýpli abatlaýyş işleri geçirildi.
Edaranyň hünärmenleridir işçileri häzir welaýatyň Baýramaly etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiginiň Köpri bölümini gazlaşdyrmak, Türkmengala etrabynyň «Täze dünýä», Murgap etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiklerine barýan ýokary basyşly gaz geçirijileriniň durkuny täzelemek işlerini dowam etdirýärler.
Olar Wekilbazar etrabynyň Garaşsyzlyk daýhan birleşiginiň çäginde gurulýan ýokary basyşly gaz geçirijiniň gurluşygyny tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Diametri 315 millimetr bolan polietilen turbalaryndan gurulýan bu gaz geçirijiniň uzynlygy iki müň metre deňdir. Bu ýerde gaz gurluşyk mehanizmleriniň, turbalarynyň ýeterlik möçberiniň jemlenilmegi bilen geçirijiniň gurluşyk-gurnama işleri ýokary depginde dowam etdirilýär.
— Gaz geçirijiniň gurluşygynda işleri bellenilen meýilnama laýyklykda ýokary hilli ýerine ýetirýäris. Tejribeli gaz gurluşykçylarymyzyň çekýän tutanýerli zähmeti bilen gurluşyk-gurnama işleriniň gündelik tabşyryklary üstünlikli berjaý edilýär. Ýokary hünär derejeleri bolan gaz gurluşykçylarymyzdan slesar gurnaýjylar Atamyrat Berdiýew, Çary Reýimow, elektrik bilen kebşirleýji Merdan Durdyýew, gaz bilen kebşirleýji Söhbet Çaryýew dagy gaz geçirijiniň gurluşygynda has-da tapawutlanyp zähmet çekýär. Biz gaz geçirijiniň gurluşygyny ýakyn günlerde tamamlarys hem-de ulanmaga bereris — diýip, Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň hünärmeni Batyr Hudaýnaýew gürrüň berýär.