Habarlaşmak
07.07.2025
Nebitgaz senagatyny ösdürmeklige toplumlaýyn çemeleşilýär
29.01.2022
Nebitgazsenagatyny

Türkmenistanda nebitgaz senagatynyň kuwwatyny has netijeli ulanmak, tebigy baýlyklaryň gorlaryny artdyrmak, uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmakda uly işler alnyp barylýar. Durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň ýokary depginini üpjün etmekde nebitgaz senagatynyň düzümlerini öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipedir. Şunda ekologiýa, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, «mawy ýangyjyň» eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde toplumyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak esasy şert bolup durýar. Bu babatda milli Liderimiz ýakynda Mary we Lebap welaýatlaryna bolan iş saparlarynyň dowamynda geçirilen maslahatlarda hem belläp geçdi. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, önümçiligiň depginini artdyrmak pudagyň ylmy işgärleriniň barlaglaryna köp babatda baglydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, «Malaý» gaz känini döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahat geçirdi.

Onda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ýolbaşçysy hem bu ýerde görkezilen taslamalaryň we çyzgylaryň üsti bilen tebigy gaz känleriniň önüm berijiligini artdyrmak, täze guýulary gözlemek, ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri we olaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy çaklanylýar. Şeýle hem türkmen topragynyň gümmez gatlagyndan alynýan tebigy gaz ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän, ekologik taýdan iň arassa gaz hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa dünýä bazarlarynda türkmen tebigy gazyna bolan gyzyklanmalaryň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Milli Liderimiz täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdarynyň 126 milliard kubmetr artmagynyň guwançly ýagdaýdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ondan alynýan önümler hojalyk we gurluşyk harytlarynyň köp görnüşleriniň önümçiliginde giňden ulanylýar. 

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» iberijileriň esasylarynyň hatarynda durýar. Eziz Diýarymyz çäk taýdan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary göz öňünde tutulanda, Ýewropanyň we Aziýanyň bazarlary hem-de beýleki dürli ugurlar boýunça tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Bu gün Garaşsyz Diýarymyz dünýäniň onlarça ýurdy, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi hem-de durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy şol hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ýörelgelerini düzýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň we Hytaýyň ýangyç-energetika ulgamyndaky bilelikdäki köpýyllyk işiniň dowamynda toplanan oňyn tejribesini, türkmen «mawy ýangyjyny» dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmäge hem-de gaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalary görkezmek bolar.

Milli Liderimiziň halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllarda ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze iri senagat kärhanalary gurlup, ulanylmaga berildi.

Nebitgaz senagatynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak hem-de düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak bu ulgamda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy ugrudyr.

Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga tutuş dünýäde abadançylygyň hem-de rowaçlygyň esasy şerti hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan energetika howpsuzlygy meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekip gelýär. Bu ugurda halkara derejedäki işler amala aşyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde üç esasy wezipe durýar: olar nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmakdan, içerki sarp edijileri degişli önüm bilen üpjün etmekden hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, öňde goýlan sepgitleri eýelemekde, Prezident maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ylmy işgärleriniň hem jogapkärli wezipeleri bardyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredilýän amatly şertlerden netijeli peýdalanyp, bildirilýän ynamy ödemek üçin ýadawsyz zähmet çekmek baş maksadymyzdyr. 

Şeýle hem