2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 22-sinden 24-ine çenli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» («OGT-2025») atly halkara maslahat ýurdumyzyň energetika ulgamynda ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri bolar. Bu halkara forum dünýäniň dürli künjeklerinden energetika ulgamynyň öňdebaryjy wekillerini, halkara maliýe guramalarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň, döwlet edaralarynyň hem-de iri nebit-gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýerde jemläp, dünýä energetika pudagynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin giň mümkinçilik döreder.
Maslahatyň esasy maksady — Türkmenistanyň nebit we gaz senagatynyň häzirki ýagdaýyny, mümkinçiliklerini we ösüş ugurlaryny halkara derejesinde giňden wagyz etmek, täze maýa goýumlary çekmek we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmakdan ybaratdyr. Bu çäre ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň üstünliklerini görkezmek bilen, Türkmenistanyň dünýä energetika bazarynda ynamly orun eýeleýändigini hem subut eder.
Soňky ýyllarda Türkmenistan nebit-gaz pudagynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrdy. Uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynda, gaýtadan işlenmeginde hem-de halkara bazarlara eksport edilmeginde döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, şeýle hem nebiti we gazy gaýtadan işleýän döwrebap zawodlaryň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny güýçlendirýär. Bu işler diňe bir milli ykdysadyýetiň ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, sebitiň hem-de halkara energetika howpsuzlygyna hem uly goşant goşýar.
Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde tebigy gazyň ätiýaçlyklary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu baýlygyň durnukly we netijeli ulanylmagy üçin döwlet derejesinde giň gerimli syýasy, ykdysady we tehnologik çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda kabul edilýän döwlet maksatnamalary energetika pudagyny sanlylaşdyrmaga, “ýaşyl” energiýa geçişine we ekologiýa taýdan arassa önümçilige ýörite üns berýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamynda täze, döwrebap ugurlara açyk ýurt hökmünde çykyş etmegine şert döredýär.
«OGT-2025» halkara maslahaty şu ugurlarda alnyp barylýan işleriň dünýä derejesinde tanadylmagyna giň mümkinçilik berer. Maslahatyň dowamynda dürli sessiýalarda häzirki zaman energetika bazarynyň ösüş ugurlary, tebigy gazyň halkara bazarlardaky täze mümkinçilikleri, wodorod ykdysadyýeti, “ýaşyl” energiýa çeşmeleri we energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem hyzmatdaş ýurtlaryň ýolbaşçylary, maýa goýumçylary we halkara guramalaryň wekilleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň täze taslamalary boýunça gepleşikler geçiriler.
Bu halkara forumyň geçirilmegi daşary ýurt maýadarlarynyň ýurdumyzyň energetika bazaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrar. Şeýle çäreler dünýä kompaniýalaryna Türkmenistanyň energetika pudagy bilen göni aragatnaşyk gurmaga, täze bilelikdäki taslamalary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi, öz gezeginde, ýurdumyzyň ykdysadyýetine täze tehnologiýalaryň, sanly çözgütleriň we ýokary hünärli tejribäniň ornaşdyrylmagyna ýol açar.
Energetika pudagy häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýji bolup çykyş edýär. Uglewodorod serişdeleriniň öndürilmeginden we eksport edilmeginden alynýan girdejiler diňe bir ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak bilen çäklenmän, täze iş orunlarynyň döredilmegine, jemgyýetiň durmuş taýdan üpjünçiliginiň gowulanmagyna hem mümkinçilik berýär. Döwlet tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan maksatlaýyn işler ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň, hususan-da senagat, ulag-logistika, gurluşyk we hyzmatlar ulgamynyň okgunly ösüşine itergi berýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahaty diňe bir ykdysady ähmiýeti bilen däl, eýsem, syýasy we strategik taýdan hem möhüm waka hasaplanylýar. Bu forum ýurdumyzyň daşary syýasatynda açyklyk, hyzmatdaşlyk we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan ugurlaryň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan bu çäre arkaly dünýä jemgyýetçiligine öz tebigy serişdelerini diňe bir ykdysady peýda üçin däl, eýsem umumy bähbitli, durnukly ösüş maksatlary ugrunda ulanýandygyny görkezýär.
Şeýlelikde, Aşgabatda geçiriljek «OGT-2025» halkara maslahaty ýurdumyzyň energetika pudagynda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň, halkara hyzmatdaşlygynyň we ykdysady ösüşiň täze tapgyrynyň nyşany bolar. Bu möhüm forum Türkmenistanyň dünýä energetika bazaryndaky ornuny has-da berkidip, ýurdumyzyň parahatçylyk, durnukly ösüş we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini dünýä äşgär eder.
Myradow Yklym,
"Türkmennebit" DK-niň Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat hopsuzlygy müdirliginiň başlygynyň w.ýe.ýe