Habarlaşmak
20.11.2024
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Ähtnama gol çekdiler
19.11.2024
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Ähtnama gol çekdiler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti we «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama gol çekmek dabarasy bu ýokary okuw mekdepde geçirilen «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde geçirildi. 

Gol çekilen Ähtnamanyň esasynda nebit we gaz, geologiýa barlaglar, himiýa tehnologiýalar, sanly ykdysadyýet, şeýle hem täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeler, «ýaşyl» ykdysadyýet ulgamlarynda, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ekologiýa meselelerini çözmek babatda bilelikdäki barlaglary we taslama işlerini giňeltmek hem-de ösdürmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň we ýaş alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijelerini halkara indekslenýän ylmy žurnallarda bilelikde neşir etmek meýilleşdirilýär. 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk birnäçe ýyllaryň dowamynda üstünlikli alnyp barylýar.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem