20-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen zerur guramaçylyk çäreleri geçirildi. Şunuň bilen bir hatarda, tohumlyk ekilen bugdaýyň hasylyny talabalaýyk ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak işleri dowam edýär.
Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem häkimler 25-nji maýda welaýatlarda «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmagyň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de häkimlere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Maslahatyň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýaty bilen Balkan welaýatynyň arasyndaky Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, 14-16-njy maý aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmaga döredilen mümkinçilik üçin, döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurtda galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar galla oragy möwsümine taýýar edildi. Şunuň bilen birlikde, tohumlyk ekilen bugdaýyň hasylyny talabalaýyk ýygnap almak we saklamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.
Ýurduň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek we mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär.
Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär.
Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam edýär.
Ýurtda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinlere ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň toplumlaýyn çemeleşmäni, täzeçil çözgütleri talap edýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli we guramaçylykly alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy möwsüminiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi we bu möwsüme gowy taýýarlyk görüp, ony guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezident welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleriniň agrotehniki talaplara laýyk alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmek üçin zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ýetişdirilen tohumlyk bugdaý hasylyny bildirilýän talaplara laýyk ýygnap almak, daşamak hem-de saklamak işlerine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle hem Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, welaýatlarda pile taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda welaýatlarda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almak işleriniň wagtynda geçirilmegine pugta gözegçilik etmegi, 25-nji maýda welaýatlardaky orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.