2025-nji ýylyň 24–25-nji maýynda Aşgabat şäherinde “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV halkara köpugurly sergi we ylmy-amaly maslahat geçiriler. Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guralýan bu çäre şähergurluşyk, binagärlik we durnukly ösüş ugurlaryndaky innowasiýalaryň maslahatlaşylýan esasy meýdançasyna öwrüler hem-de mermerli paýtagtymyzyň gazanan üstünliklerini giňden görkezmek üçin mümkinçilik döreder.
Maslahatyň resmi açylyşyndan öň – 23-nji maýda gatnaşyjylar üçin maslahatdan öňki çäreler geçiriler. Oňa gatnaşýanlar “Köne Nusaý” Taryhy-medeni goraghanasyna, Türkmenistanyň haly muzeýine we “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna baryp görerler. Şeýle hem şäher boýunça syýahat guralar. Şol gün agşam gatnaşyjylaryň hasaba alynyşy geçiriler.
Maslahatyň esasy meýilnamasy 2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda serginiň dabaraly açylyşy bilen başlanar. Ilkinji günüň esasy wakasy – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Aşgabat – geljegiň we mümkinçilikleriň şäheri” atly plenar mejlis geçiriler. Onuň dowamynda paýtagtymyzyň akylly we inklýuziw megapolise öwrülmegi, sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagy, “ýaşyl” infrastruktura we ulag ulgamynyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň häzirki zaman şäher gurluşygy boýunça halkara ölçegleriň kemala gelmegine goşandy, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi aýratyn üns merkezinde bolar.
Plenar mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow, Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow, şeýle hem wideoýüzlenme arkaly BMG-niň Ilatly ýerler boýunça Maksatnamasynyň (BMG-Habitat) ýerine ýetiriji direktory Anaklaudia Marineýru Sentenu Rossbah, BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň (ÝUNIDO) baş direktorynyň orunbasary Siýun Szo çykyş ederler. Mejlis ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Jon S. MakGregor tarapyndan alnyp barlar. Şol gün agşam “Ak şäherim Aşgabat” atly binasnyň öňünde şäheriň güni mynasybetli konsert geçiriler.
25-nji maýda maslahat üç mejlis bilen dowam eder. Birinji – “Häzirki zaman gurluşyk we senagat: hil, tehnologiýalar we maliýeleşdiriş” ady bilen geçiriler. Ol gurluşyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we infrastrukturalaýyn taslamalaryň maliýeleşdirilmegine bagyşlanar. Bu mejlis Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stiwen Konlon tarapyndan alnyp barlar.
Ikinji – “Gurluşyk, senagat we täze awtomobil ýollarynyň gurluşygynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň roly” atly tema bilen geçer. Onda döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň gurluşyk pudagynyň we ulag infrastrukturasyndaky ähmiýeti maslahatlaşylar. Bu mejlisiň moderatory hökmünde Türkmenistanyň Daşary ykdysady işler bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow çykyş eder.
Üçünji mejlis bolsa gurluşyk, senagat we energetika ulgamlarynda tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna bagyşlanar.
Maslahat Aşgabat şäheriniň geljegiň şäheri hökmünde ösüşine, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we Türkmenistanyň esasy ykdysady pudaklaryna daşary ýurt maýasyny çekmäge uly itergi berer.
Çeşme: “Altyn Asyr” elektron gazeti