Habarlaşmak
27.07.2025
Türkmenistan “Galkynyş” käninde gaz önümçiligini artdyrýar
26.07.2025
Türkmenistan “Galkynyş” käninde gaz önümçiligini artdyrýar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Prezident Serdar Berdimuhamedowa “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we bu ýerdäki önüm berýän gaz guýularynyň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabar berdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, “Türkmengaz” döwlet konserni sebitdäki gaz guýularynyň uzak möhletli we ygtybarly işini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görýär.

Batyr Amanow döwlet Baştutanyna gaz desgalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça degişli teklipini hödürledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Galkynyş” käniniň özleşdirilişiniň netijeliligine oňyn baha berip, bu ugurda taýýarlanan teklibi makullady.

Döwlet Baştutanymyz gaz guýularyndaky işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem