Habarlaşmak
26.11.2025
Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasynda Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi
25.11.2025
Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasynda Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasy 22-nji noýabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirdi.

Dabaraly çärä Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Kabul şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çäreler, şol sanda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyna taýýarlyk işleri barada maglumat berildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Owganystanda amala aşyrýan iri ykdysady taslamalary – TOPH gaz geçiriji, TOP elektrik geçiriji, demirýol we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary – hem-de owgan halkyna berilýän ynsanperwer kömekler aýratyn üns bilen aýratynlandyryldy.

Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary üstünliklerini görkezýän wideoýazgylar hödürlendi.

Şeýle hem