Habarlaşmak
22.05.2025
Türkmenistanyň iri nebitgaz kärhanalarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar
20.05.2025
Türkmenistanyň iri nebitgaz kärhanalarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Amanow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iri senagat kärhanalaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak hem-de olary halkara tejribä laýyklykda dolandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi buraw işlerine, tebigy gazyň çykarylyşyna we onuň hereket edýän bir bitewi gaz geçiriji ulgama goýberilişine, gündelik sarp edilişine gözegçilik etmäge hem-de netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatyny, senagat kärhanalaryny, durmuş maksatly desgalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy çykarmak, akdyrmak hem-de sarp edijilere eltmek işlerine gözegçiligi has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem