20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Muhammed Jaludy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, sport ulgamynda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistana sapar bilen gelmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem-de 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelendigini we bu saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Myhmanyň belleýşi ýaly, ak mermerli Aşgabadyň gaýtalanmajak gözel keşbi onda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz iri sport guramasynyň ýolbaşçysyny gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, onuň bu saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Sporty ösdürmek we halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda döwlet derejesinde tagallalar edilýär.
Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen federasiýalar we beýleki abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary saklaýar. Bu bolsa ýurdumyzda sport diplomatiýasynyň giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.
Ýurdumyz Halkara Agyr atletika federasiýasynyň işjeň agzasy bolup durýar. 2018-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty munuň aýdyň mysalydyr. Bu oýunlar türkmen topragynda sportuň ösüşine has-da itergi berip, Aziýa yklymynda sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrdy.
Halkara Agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda döredilen döwrebap sport infrastrukturanyň dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini belledi we sporty ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň sport hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak we Halkara Agyr atletika federasiýasynyň ösüşine goşant goşmak babatda möhüm ädimdigini, Federasiýanyň alyp barýan işiniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge we Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga uly itergi berýändigini belläp, myhmanyň şu gezekki saparynyň sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Halkara Agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy we bu ugurda ýurdumyzyň başlangyçlaryna berýän goldawy üçin Federasiýanyň ýolbaşçysy Muhammed Jaluda tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.