Habarlaşmak
07.11.2025
Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasy owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi
07.11.2025
Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasy owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 6-njy noýabrda Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ýükleri ugratmak dabarasy geçirildi. Ynsanperwer maksatly çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili, hormatly ýaşulular, käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Şu gezekki iberilen ynsanperwerlik kömegi köp sanly şikes ýetmelere, uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr. Munuň özi goňşy ýurduň halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň aýdyň nyşanydyr. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde şeýle kömegiň iberilmegi ynsanperwerligiň belent nusgasyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Bitarap Türkmenistan döwletara gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürýär.

Ejir çeken ilata, aýratyn-da, çagalara goldaw bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň dabaralandyrylmagyna ygrarlydygynyň hem güwäsidir.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem