Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 3,1 million dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň, Kipriň telekeçileri tarapyndan daşary ýurt puluna Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümi bolan uçar kerosinini satyn aldylar.
Şeýle hem daşary ýurt puluna we milli manada Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň telekeçilerine aýna listleri hem-de dokma kärhanalarynyň önümleri ýerlenildi.