Habarlaşmak
10.10.2025
Türkmenistanda Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi
09.10.2025
Türkmenistanda Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmak hakynda Mejlisiň kararyny okady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasyny» taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Strategiýada ýurdumyzda maliýe bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary we ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň tehnologik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi hödürledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şanly senä gabatlanyp, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suw arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryny, Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek boýunça taýýarlanylan teklibi hödürledi.

Wise-premýer Bahar Seýidowa «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi. Strategiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň medeni diplomatiýasyny ösdürmekden, milli medeni mirasymyzyň, ata-babalarymyzdan gözbaş alýan ajaýyp däp-dessurlarymyzyň halkara derejede ykrar edilmegini, millilige ýugrulan, kämillige gönükdirilen ýol-ýörelgelerimiziň mynasyp wagyz edilmegini, döwletleriň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnamanyň taslamasyny hödürledi. Bu resminama halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge ýardam bermäge, ýurdumyzyň olaryň çäklerindäki işlerini utgaşdyrmaga gönükdirilendir.

Wise-premýer Mämmethan Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döwrüň talaplaryna laýyklykda önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Konsepsiýanyň esasy maksady sanly infrastrukturany ösdürmekden, döwlet edaralarynyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň netijeli ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden, öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny dolanyşyga we kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini bu hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem