Habarlaşmak
27.11.2025
Türkmenistan we ADNOC strategiki maksatly energiýa hyzmatdaşlygyny amala aşyrýarlar
26.11.2025
Türkmenistan we ADNOC strategiki maksatly energiýa hyzmatdaşlygyny amala aşyrýarlar

Hazar deňzindäki 1-nji bloky özleşdirýän konsorsiuma gatnaşýan ADNOC kompaniýasy, Türkmenistanyň energiýa hyzmatdaşy hökmünde özüne çekijiliginiň we ygtybarlylygynyň aýdyň mysalydyr. Bu barada Abu Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Aşgabatdaky edarasynyň açylyş dabarasynda "Türmennebit" Döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow aýtdy.

Agajanow, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhammedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde şu ýyl Aşgabatda 1-nji blogyň deňiz bölegi üçin önüm paýlaşmak baradaky ylalaşyga gol çekilendigini ýatlatdy.

"Bu bilelikdäki ylalaşyk ynamyň we hyzmatdaşlygymyzyň pugtalanmagynyň nyşanydyr. Konsorsiumyň agzasy bolan ADNOC, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly ýolbaşçylygy netijesinde ösýän Türkmenistanyň özüne çekijiliginiň we energiýa hyzmatdaşlygymyzyň aýdyň mysalydyr. ADNOC-yň ofisiniň açylmagy möhüm waka we hyzmatdaşlygymyzy berkitmekde we bu ylalaşygyň maksatlaryna ýetmekde ilkinji ädimdir", - diýip, Döwlet konserniniň başlygy aýtdy.

Guwanç Agajanow bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ähli maksatlaryna ýetjekdigine ynam bildirdi. Bularyň arasynda ýataklaryň işlenip düzülmegi, ýokary hilli önümçilik, işgärleriň mümkinçiliklerini artdyrmak we işleriň howpsuz we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bar.

Ýatladyp geçsek, 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda ADNOC, "Türkmennebit" Döwlet konserni we "Petronas" kompaniýasy bilen Hazar deňzinde 1-nji blogy ösdürmek üçin strategiki önüm paýlaşmak baradaky ylalaşygyna gol çekdiler.

Şeýle hem