Habarlaşmak
16.07.2025
Türkmenistan Owganystanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň onusynyň hataryna girdi 
29.07.2021
Türkmenistan Owganystanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň onusynyň hataryna girdi 

Owganystanyň mlli statistika we habarlar müdirliginiň (NSIA) çap eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan OYR-niň iri söwda hyzmatdaşlarynyň onusynyň hataryna girdi.  Ýurdumyzdan ugradylan harytlaryň 70 göterime golaýy nebitgaz toplumynyň önümleridir. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 64 million dollaryna golaý boldy.  

Hususan-da, şu ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistandan Eýrana A-80 benziniň 8 müň tonna golaýy hem-de awtoulag benzininiň beýleki görnüşleriniň 45 müň tonnadan gowragy, şeýle hem suwuklandyrylan gazyň 40 müň tonna golaýy ugradyldy.    

Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde iberilen dizel ýangyjynyň hem möçberi ep-esli artyp, 28 müň tonnadan gowrak boldy. Mundan başga-da, owgan işewürleri tehniki nebit ýaglaryny, polietilen, polipropilen, propan we beýleki önümleri satyn aldylar.   
 

Şeýle hem