Türkmenistan Özbegistana awtomobil ýangyjyny ibermekde ilkinji üçlüge girdi. Ýanwar-oktýabr aýlarynda türkmen ýangyjynyň Özbegistana eksporty 136 million litre barabar boldy diýip, Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti habar berýär.
Awtomobil ýangyjyny Özbegistana ibermekde öňdeligi Russiýa eýeleýär. Ol 2021-nji ýylyň 10 aýynda 142,3 million litr benzin eksport etdi. Üçünji ýerde 16 million litr eksport eden Gazagystan ýerleşýär.
Özbegistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda ýanwar-oktýabr aýlarynda 902,7 müň tonna benzin öndürildi. Onuň aglabasy AI-80 kysymly awtomobil benzinleridir.
Ýurt 2022-nji ýylda onuň önümçiligini doly bes etmegi we ýokary oktan sanly benzini öndürip başlamagy meýilleşdirýär.
Umuman, şu ýylyň 10 aýynda Özbegistan benziniň importyny 40%-den gowrak artdyrdy.
Türkmenistanda awtomobil ýangyjynyň dürli görnüşleriniň önümçiligi Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan zawodlar toplumynda, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ahal welaýatyndaky zawodynda amala aşyrylýar. Galyberse-de, tebigy gazdan işlenip alynýan ECO-93 hem goňşy Özbegistana eksport edilýär.