Habarlaşmak
15.01.2025
Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal binýady berkidilýär
13.07.2021
Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal binýady berkidilýär

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki gazly ýataklaryň ýerüsti desgalarynyň taslamasyny işläp düzmek we gurmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin yglan edilen halkara bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşik Hytaýyň «International» milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy tarapyndan geçirildi, «China Petroleum Engineering Construction» kompaniýasy onuň ýeňijisi diýlip ykrar edildi.

Taslamanyň çäklerinde ýataklaryň altysy — Gadyn, Demirgazyk Gadyn, Iljik, Gündogar Iljik, Kiştuwan we Günbatar Kiştuwan ýataklary ulanmaga berler. Hususan-da, guýularyň ýigrimi ikisini, gaz toplaýjy beketleriň dördüsini, turbageçirijileri, inžener-tehniki üpjünçilik ulgamyny, şol sanda elektrik üpjünçilik we suw üpjünçilik ulgamlaryny, önümçilik düzüminiň beýleki desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Olaryň umumy taslama kuwwaty bir ýylda gazyň 1,8 milliard kubmetrine deň bolar.
Häzir «China Petroleum Engineering Construction» kompaniýasynyň «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň gündogar böleginde ýerleşen Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat ýataklarynda ýerüsti desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýandygyny bellemek gerek.

 

Şeýle hem