Habarlaşmak
16.09.2024
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti gaýtadan işlemek boýunça işler geçiriler
13.04.2024
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti gaýtadan işlemek boýunça işler geçiriler

 

Anna güni, ýagny 12-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudaga halkara tejribeleri ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Önümçilige dünýäniň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna döwlet konserniniň nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada hem aýdyldy. Munuň özi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi bilen üpjün etmäge, bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara tejribeleri giňden ornaşdyrmak arkaly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti gaýtadan işlemek boýunça işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem