Habarlaşmak
10.10.2024
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
09.10.2024
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem