Habarlaşmak
12.03.2025
Türkiýe Respublikasynyň Ak partiýasynyň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
11.03.2025
Türkiýe Respublikasynyň Ak partiýasynyň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

10-njy martda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Ak partiýasynyň Başlygynyň orunbasary Kurşad Zorlu bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlyndaky ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy türkmen-türk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn esasda ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

Bulardan başgada, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bilälikdäki çäreleri gurnamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de söhbetdeşler Türkiýe Respublikasynyň Ak partiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanda geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin saparyny gurnamagy barada pikir alyşdylar.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

 

Şeýle hem