Habarlaşmak
12.03.2025
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
11.03.2025
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Düýn Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklara, hususan-da medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.

Söhbetdeşler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, awstriýa tarapy şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

 

Şeýle hem