2023-nji ýylyň mart aýyndan başlap, Türkiýe öz tebigy gazyny ulanyp başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez beýan etdi diýip, Trend habar berýär.
Ministriň bellemegine görä, Gara deňizdäki ýatakdan Zonguldak şäherindäki Filos diýen ýere gaz ibermek üçin turba geçirijiniň 140 kilometrlik bölegi taýýar.
Türkiýäniň Gara deňizde gazyň iri ýataklaryny ýüze çykarandygy barada 2020-nji ýylyň tomsunda belli boldy. Ilkibaşda, türk häkimiýetleri 320 mlrd kub metr gaz hakynda mälim etdiler, güýzde Rejep Taýyp Ärdogan täze käniň subut edilen ätiýaçlyklarynyň 405 mlrd kub metre ýetýändigini habar berdi.
Ärdoganyň bellemegine görä, Ankara tapylan gaz bilen ilatyny 2023-nji ýylda üpjün edip başlap biler. Onuň aýtmagyna görä, üsti açylan bu kän ýurtda iň irisidir, täze käniň işlenip taýýarlanmagy bolsa, ýurduň energetika howpsuzlygyny üpjün eder we täze iş orunlaryny döreder.
Türkiýe «Sakarýa» känini indiki ýylyň başyndan ulanyp başlamagy meýilleşdirýär we ol ýerden günde 40 mln kub metr gaz çykarmak isleýär (ýylda 14,6 mlrd kub metr) diýip, öň Kriter žurnalyna türk ministri Fatih Dönmez habar berdi.
Belläp geçmeli zatlaryň biri, geçen ýyl Türkiýe «Gazpromdan» 27 mlrd kub metr gaz satyn aldy.