Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini (TOPH), Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça geçirilýän işler Türkmenistanyň Owganystany parahatçylykly ösdürmäge, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge, goňşy döwletiň sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyna goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu barada Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda aýtdy.
Duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň bu sebitde syýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmakda, Owganystanda parahatçylygy we jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmekde uly goşandynyň bardygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda özara gatnaşyklaryň geljegi, esasy ugurlary hem-de bar bolan mümkinçilikler barada pikir alşyldy.
Bellenilişi ýaly, häzir Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak ýaly möhüm ugurlar bar. Bu ugurlarda hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, ol yzygiderli esasda amala aşyrylýar hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisiniň Başlygynyň ileri tutýan ugurlaryny doly goldaýar.
Mundan başga-da, ýakyn wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän resminamalara, ýagny, adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hyzmatdaşlygy barada Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň taslamalaryna garamak meýilleşdirilýär.