Şu ýylyň gezen bäş aýynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebap» suwuklandyrylan gaz önümçiligi müdirligi boýunça suwuklandyrylan gazyň 47,3 müň tonnasyny öndürdiler. Meýilnama 105,8% ýerine ýetirildi. Eksporta 46,4 müň tonnadan gowrak harytlyk önüm iberildi.
Suwuklandyrylan gaz önümçiligi boýunça Naýyp toplumynyň hünärmenleri bu ýokary netijeleriň gazanylmagyna mynasyp goşant goşdular. Şu ýylyň geçen döwründe käärhanada 41,3 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi. Bu görkezijiler bäş aý üçin meýilnamanyň 104 göterim ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär.
Bu günlerde Gazojak şäherçesinde suwuklandyrylan gazy ýüklemek we saklamak boýunça nokadyň abatlaýyş işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu işleri ýylyň ahyryna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar.