Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurtly telekeçiler tarapyndan Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri satyn alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň işewürlerine Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümlerinden awtobenzin, uçar kerosini, göni işlenen benzin we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi.
Şeýle hem geçen hepdede birža söwdalarynda daşary ýurt puluna we milli manat serişdelerine aýna listlerini, dürli awtoulaglary, bakja we miwe önümlerini, pagta ýüplügini satyn almak boýunça Ukrainanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, BAE-niň we Owganystanyň täjirleri geleşik baglaşdylar.
Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 21,2 million dollaryndan geçdi.